Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

  • düýn 22:44
  • 1.4k+

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet subsidiýasy bilen bahasy 4500 ýuana (660 dollar töweregi) çenli arzanladyldy.

Täze maşynyň esasy aýratynlygy onuň üç barabanly gurluşydyr. Esasy baraban 12 kg eşigi ýuwýar, goşmaça iki mini barabanyň her biri bolsa 1 kg eşigi ýuwýar.

Maşyn suwuň garyşmagynyň öňüni alýan we özara hapalanmak töwekgelçiligini azaldýan üç sany garaşsyz suw üpjünçilik zynjyry bilen enjamlaşdyrylan. Öndüriji ulgamyň aýyrmasy kyn we könelişen tegmilleri hem netijeli aýyrýandygyny we ynjyk zatlary has howpsuz ýuwmagy üpjün edýändigini belleýär.

Goşmaça barabanlar içki eşikler we joraplar ýaly, kiçi geýimler üçin niýetlenen we her biriniň özüne mahsus ýuwuş tertibi bar.

Modelde akylly amortizasiýa we sesi peseltmek tehnologiýalary bar. Xiaomi öý haýwanlarynyň tüýlerini aýyrmagyň netijeliliginiň 91,4%-e ýetýändigini mälim edýär.

Kir ýuwujy maşyn Surge Smart Connectivity ulgamy arkaly Xiaomi ekoulgamyna birikdirilýär, bu bolsa kir ýuwujy maşynlaryňyzy dolandyrmaga we akylly öý enjamlaryňyz üçin awtomatlaşdyrylan ssenariýleri döretmäge mümkinçilik berýär.


24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

07.05.2026 11:10
4.6k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....

05.05.2026 14:00
2.2k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......