NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

  • 24.05.2026 17:05
  • 4.6k+

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär.

Aý gijesiniň dowamynda Ýeriň tebigy hemrasyndaky temperatura –165,6°C-a çenli düşüp bilýär. Şeýle şertlerde kosmos enjamlarynyň batareýalary köplenç hatardan çykýar we elektronika elementlerine zeper ýetýär.

Synaglar Merilend ştatyndaky Goddard adyndaky kosmos uçuş merkezinde geçirilýär. Inženerler 2028-nji ýylda "Artemis IV" missiýasynyň geçip biljek ýeri bolan Aýyň günorta polýusynyň şertlerini emele getirip, termowakum kamerasyndaky temperaturany +148,8°C bilen –165,6°C-yň arasynda ençeme gezek üýtgedýärler.

LEMS polýar şertlerinde doly Aý gijesine döz gelip we işini dowam etdirip biljek ilkinji amerikan enjamy bolup biler. Toplum iki ýylyň dowamynda Aý ýer titremelerini we meteoroidleriň urulmalaryny bellige almak üçin niýetlenendir.

NASA-nyň maglumatlaryna görä, öňki "Apollo" missiýalarynyň seýsmometrlary Aýyň aşagyndaky yranmalary we termiki wakalary bellige alypdylar, ýöne olar 1977-nji ýylda işini bes edipdiler.

Enjamlary goramak üçin inženerler köp gatly ýylylyk izolýasiýasyny we litiý-ion batareýalarynyň ýörite iş režimlerini ulanýarlar. Aýyň üstüne oturdylandan soň, ulgam awtonom işlemeli we Aý bazasynyň geljekki infrastrukturasynyň bir bölegine öwrülmeli.


düýn 16:56
1.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.2k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....