Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

  • düýn 19:44
  • 603

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny taýýarlamagy görnetin çaltlandyrar.

Maglumat tehnologiýalary kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak işi «Bull» prowaýderi bilen baglaşylan 100 million ýewrolyk 5 ýyllyk şertnamanyň çäginde amala aşyryldy. Munuň özi konserne hasaplama ukybyny birbada üç esse artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ulgamyň apparat bölegi AMD we Nvidia kompaniýalarynyň prosessorlaryny hem-de grafiki güýçlendirijilerini, şeýle hem IBM Spectrum Scale maglumat saklaýyş ulgamyny birleşdirýän «BullSequana XH3000» modullaryna esaslanýar. Nvidia InfiniBand NDR tor birikmesi bolsa her port üçin sagatda 400 Gbit/s çenli maglumat geçirijilik ukybyny üpjün edýär.

Fransiýadaky meýdança deslapdan ýygnalan enjamlary 2025-nji ýylda aldy, Germaniýadaky desga bolsa şu baharda doly enjamlaşdyryldy.

Fiziki taýdan iki aýratyn ýerde ýerleşýän bu ulgamlar ýörite bitewi meýilnamalaşdyryjy arkaly umumy wirtual klaster hökmünde bilelikde işleýärler.

Airbus bu ägirt uly hasaplama güýjüni howa gämileriniň sanly ekizlerini döretmek, aerodinamiki hasaplamalary geçirmek, gurluşyň agram göterijilik durnuklylygyny seljermek we akustiki synaglaryny amala aşyrmak üçin ulanar.

Taslamanyň ýene bir aýratyn tarapy, onuň energiýa tygşytlylygydyr. Superkompýuteriň göni suwuklyk arkaly sowadyş ulgamy, enjamlardan çykýan artykmaç ýylylygy kompaniýanyň edara binalaryny gyzdyrmak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.


02.06.2026 23:06
3.8k+

Fransiýada ganaty ýel berlip çişirilen uçarmansyz uçar synagdan geçirildi

Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi....

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......