Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi.
Enjamyň aýratynlygy ganatyň içine howa doldurylandan soň, uçuş üçin zerur bolan gatylygyň emele gelmegindedir. Şunda göteriji güýç adaty uçaryň wezipesi boýunça döredilýär. Gurnaýjylaryň aýtmagyna görä, şeýle gurluş enjamyň agramyny azaltmaga we gurluş güýçlendiriji elementleriň sanyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Synaglar Gawr aeroportynyň çäginde geçirildi. Maksatnamanyň dowamynda hünärmenler elektronikanyň we dolandyryş ulgamlarynyň işini barladylar, ýerde ýöriş synaglaryny we birnäçe gysga uçuşlary ýerine ýetirdiler. Alnan netijeler aerodinamiki aýratynlyklaryň hasaplanan görkezijilere laýyk gelýändigini tassyklady.
täsin uçaryň ganatynyň uzynlygy sekiz metre barabardyr. Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, enjam elektrik güýji bilen howada alty sagada deňiç bolup biler we 300 kilometre çenli aralygy geçer. Gurnaýjylar geljekde Gün panellerini gönüden-göni ganatyň üstki bölegine gurnamak mümkinçiligine hem seredýärler.
Ucarmansyz uçaryň iň ýokary tizligi sagatda takmynan 25 kilometre ýetýär. Celeste Ecoflyers taslamanyň esasy maksadynyň tizlik däl-de, iň pes energiýa sarp edilişi bolup durýandygyny belleýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, şeýle çemeleşme has çalt uçýan dronlar bilen deňeşdirilende energiýa sarp edilişini düýpli azaltmaga mümkinçilik berýär.
Bu gurluşyň ýene-de bir artykmaçlygy onuň aňsat daşalmasydyr. Ulanylandan soň ganatyň howasyny çykaryp, ony ykjam görnüşde gaplap bolýar. Bu bolsa ucary saklamagy, daşamagy we oňa hyzmat etmegi ýeňilleşdirýär.
Gurnaýjylar dAS10 ucaryny barmasy kyn bolan sebitlere ýük daşamak, infrastruktura gözegçilik etmek, turba geçirijileriniň ýagdaýyna baha bermek we wagtlaýyn aragatnaşyk ulgamlaryny guramak üçin ulanmagy teklip edýärler. Ilkinji synaglar bu konsepsiýanyň işe ukyplylygyny tassyklady we taslamany has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.