«Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginde ýaş zehinler öz innowasion taslamalaryny hödürledi

  • 27.04.2026 01:07
  • 1.5k+

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurt boýunça iki ýüze golaý zehinli okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen «Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.

Bäsleşigiň guramaçylary hökmünde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi çykyş etdi. Çäräniň esasy maksady IT-tehnologiýalary we robototehnika ulgamynda ýaşlaryň innowasion taslamalaryny hem-de amaly ukyplaryny görkezmekden ybarat boldy.

«Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň binasynda 7–12-nji synplaryň okuwçylary toparlaýyn we aýratynlykda bäsleşdi.

«Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary» ugry boýunça ýaşlar hyzmatlar pudagy üçin tehnologik çözgütleri hödürledi. «Robototehnika» ugrunda bolsa olaryň robotlary 2,5 minutyň dowamynda şarlary ýygnap, ýörite gaplara ýerleşdirmäge synanyşdy. Şol bir wagtyň özünde, ýokary synp okuwçylary «Erjeller kodlaýar» bäsleşiginiň çäklerinde Scratch programmirleme dilinde taýýarlan öz taslama oýunlaryny we goşundylaryny tanyşdyrdy. Ähli ýaşdaky gatnaşyjylar üçin açyk bolan «BattleBots» robotlaryň söweşi bäsleşigiň iň gyzykly tapgyrlarynyň birine öwrüldi.

Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, birinji orunlary şu aşakdakylar eýeledi:

  • «Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary»: Aýlar Amanowa we Nepes Jorakulyýew (Aşgabat halkara mekdebi);
  • «Robototehnika»: Aznawur Çolukow (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebi);
  • «Erjeller kodlaýar»: Ata Goşaýew («Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasy);
  • «BattleBots»: Ýusup Geldiýew (Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdep).

«Robototehnika» ugry boýunça iň oňat netije görkezen bäş gatnaşyjy Türkmenistana «First Global Challenge — 2026» dünýä çempionatynda wekilçilik etmäge hukuk gazandy. Belläp geçsek, geçen ýyl Panamada geçirilen bu ýaryşda türkmen okuwçylary «Skills Challenge» ugry boýunça ýeňiş gazanypdy.

Dabaranyň ahyrynda ýeňijiler Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....