Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

  • 10.05.2026 11:51
  • 8.1k+

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç ýaly gapdallaýyn ýöräp we duran ýerinden diýen ýaly yzyna öwrülip bilmegidir.

Ulagyň tigirleri biri-birinden garaşsyz dolandyrylýar. Bu bolsa oňa öňe, yza we gapdala tarap erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär. Täze tehnologiýa, aýratyn-da dar we çylşyrymly magdan känlerinde işlemek üçin niýetlenen.

Agramy 100 tonna, uzynlygy 14 metre golaý ulag bir gezekde 158 tonna ýük daşap bilýär we sagatda 29 km tizlik bilen hereket edýär.

Shuanglin K7 doly elektrik togy bilen işleýär. Onuň batareýalaryny çalt çalşyrmak ulgamy iş wagtynyň ýitirilmeginiň öňüni alýar. Şeýle-de, ulag tormoz berlen wagty dörän energiýanyň 85 göterimine çenlisini yzyna akkumulýatora ugradyp bilýär.

Emeli aň tarapyndan dolandyrylýan bu äpet maşyn hatda käbir tigirleri hatardan çykan ýagdaýynda hem işini dowam etmäge ukyplydyr. Bu bolsa dag-magdan işleriniň has howpsuz we tygşytly bolmagyny üpjün eder.

Hytaý bu ugurda eýýäm uly ädimleri ädýär. Geçen ýyl Içki Mongoliýada Huawei ulgamy bilen işleýän 100 sany şeýle sürüjisiz ulag işe girizildi. Gobi çölündäki kömür känlerinde bolsa ýene-de 300 sany elektrikli awtopilot ulagy ulanylyp başlandy.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2.3k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....