Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

  • düýn 23:52
  • 1.1k+

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241 metr belentlige galdyrmaga ukyplydyr.

Kranyň göterijilik ukyby, beýikligi 200 metrden geçýän we kuwwaty 10 MWt-dan ýokary bolan ýel turbinalarynyň böleklerini oturtmaga niýetlenendir. Şunda tehnikany ýerleşdirmek üçin bary-ýogy 35×55 metr meýdança we 0,18 MPa toprak göterijiligi ýeterlikdir. Munuň özi ýer taýýarlamak işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Öndürijiniň maglumatlaryna görä, kran Bofort şkalasy boýunça 10 balla çenli güýçli ýellere döz gelýär. Akylly dolandyryş ulgamy enjamyň ýagdaýyna hakyky wagt tertibinde gözegçilik edip, ýükleri, titremeleri we beýleki görkezijileri yzarlaýar.

Bu täze kranyň döredilmegi ýerüsti ýel energetikasy pudagyndaky üýtgeşmeler bilen baglydyr. Häzirki zaman turbinalary 150–200 metr beýiklikdäki minaralarda gurnalýar, käbir taslamalarda bolsa 240 metre çenli beýiklik göz öňünde tutulýar. Beýik desgalar has durnukly howa akymlaryny ulanmaga we elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle desgalary gurnamak köp kynçylyk döredýär. Olarda enjamlaryň agramy 150–200 tonna ýetip, perleriň uzynlygy bolsa 100 metrden geçýär. Adaty kranlar üçin uly meýdançalar we uzak wagty talap edýän ýer taýýarlygy gerek. Zoomlion-yň hünärmenleri LW3600-240NB minaraly gurluşy az meýdany tutýandygy we ýumşak topraklarda hem işläp bilýändigi üçin bu meseleleri çözmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.

Durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin dizaýnerler ýokary berklikdäki demir halkalary, iki silindrli sazlaşykly galdyryş tehnologiýasyny we enjamyň geljekki ömrüni çaklaýan sanly gözegçilik ulgamyny ulandylar. Pudagyň hünärmenleriniň pikiriçe, şeýle kranlaryň ulanylmagy iri ýel parklarynyň gurluşyk möhletlerini ep-esli gysgaltmaga kömek eder.


07.06.2026 20:08
4.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....