Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

  • 28.05.2026 17:08
  • 6.1k+

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi.

​Hytaýyň ylmy institutlary we Jiangsu Lanjiang Intelligent Technology kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen täze enjamyň iş bilen tanyşmak hem ýygyş ulgamy hakyky şertlerde öz işe ukyplylygyny subut etdi. Robot hasyly 90%-den gowrak netije bilen ýygnady.

​Hünärmenler bu taslama oba hojalygyny awtomatlaşdyrmak ýolundaky möhüm ädim diýip baha berýärler.

​Robot maşyn görüş ulgamyna esaslanyp işleýär. Bu bolsa oňa hatda şahalaryň aşagynda galan we ýapraklaryň gür ýerlerindäki ýetişen gabyklary tapmaga-da mümkinçilik berýär. Enjam öňünden kesgitlenen ugur boýunça hereket edýär hem-de gysyş güýjüni sazlaýan robot gollaryny ulanýar. Munuň özi näzik gabyklaryň şikes ýetirmezden seresaply tutulmagyny üpjün edýär.

​Taslamany alyp baryjy ylmy işgär Sýa Sýanfeýiň sözlerine görä, öňdebaryjy wizual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy robota gabyklary aýdyň görmäge we ony iň az ýitgiler bilen tutup almaga şert döretdi.

​Bu taslama pudagyň esasy meselelerini — el zähmetiniň gymmatlylygyny we işçi güýjüniň ýetmezçiligini çözmek üçin niýetlenendir.


şu gün 10:34
1.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......