Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar.
Bu başlangyç robot tehnikasy bazarynyň çalt ösmegi we bu pudagy düzgünleşdirýän ulgamy döretmek zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Hytaýly resmiler eýýäm geljekki ulgamyň ölçeglerini şaýlary öndürýän we robotlara hyzmat edýän kompaniýalar bilen maslahatlaşyp başladylar.
Bu başlangyjy HHR-nyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň düzümine girýän Adampisint robotlary we fiziki galyba geçirilen emeli aňy standartlaşdyrmak baradaky komitet taýýarlaýar.
Hökmany hasaba alyş ilki bilen diňe adampisint robotlara degişli bolar. Şonun bilen birlikde, häkimiýetler geljekde bu ulgamyň beýleki görnüşli öý robot enjamlaryna hem täsir etjekdigini aradan aýyrmaýarlar.
Teklip edilýän gurluş robot tehnologiýaly önümleriň önümçilikden çykan gününden başlap, tä zyňynda öwrülýänçä dowam edýän wagt aralygyny yzarlar. Ulgam ähtimal howplara gözegçilik etmek we enjamlaryň ulanylyşyny dolandyrmak üçin niýetlenendir.
Pudagyň işjeň ösmegi netijesinde adampisint robotlar dünýä ykdysadyýetiniň iň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görülýär. Şol sebäpli, ýakyn wagtda şeýle düzgünleşdiriş ulgamlarynyň beýleki ýurtlarda hem ýüze çykmagyna garaşyp bolar.