NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

  • 07.06.2026 19:54
  • 2.3k+

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär.

NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, ilkinji synag uçuşlary şu ýylyň ahyryna çenli bolup biler. Maksatnamanyň esasy wezipesi awtomatiki gonuş we ýük daşamak tehnologiýalaryny işläp düzmek bolar.

Geljekki baza Aýyň günorta polýusynyň töwereginde ýerleşdiriler, hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ol ýerdäki kölegeli kraterlerde suw buzunyň gorlary bar. NASA-da bu serişdäni suwuň we geljekki missiýalar üçin mümkin bolan ýangyjyň çeşmesi hökmünde görýärler.

Maksatnamanyň çäginde hemranyň üstüne energetiki desgalary, aragatnaşyk ulgamlaryny we awtonom gurluşyk toplumlaryny eltmek meýilleşdirilýär. Taslama SpaceX ýaly hususy kompaniýalar hem gatnaşýarlar. Köp gezek ulanylýan ulag ulgamlarynyň ulanylmagynyň uçuşlaryň bahasyny azaltmaga kömek etjekdigi çaklanýar.

NASA-da Aýda synagdan geçirilen awtomatiki gurluşyk we logistika tehnologiýalarynyň geljekde Marsa adamly missiýalary taýýarlamakda ulanylyp bilinjegini belleýärler.

«Artemis» maksatnamasynyň häzirki tertibine görä, amerikan astranawtlarynyň Aýa gonmagy 2028-nji ýyla meýilleşdirildi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......