«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene habarlaşmaga başlady.
Enjamyň Güne iň uly golaýlaşmasy 8-nji iýunda amala aşyryldy. Şol pursatda ol Günüň ýüzünden takmynan 6,1 million kilometr uzaklykda ýerleşip, sagatda 692 müň kilometre golaý tizlik bilen hereket edipdi.
Bu görkeziji «Parker» üçin Gün täjiniň içinden 28-nji gezek üstünlikli geçendiginiň subutnamasy boldy. Missiýanyň Günüň işjeňliginiň iň ýokary derejä ýeten, ýagny lowlamalaryň we plazma zyňylyşlarynyň sanynyň has artan döwrüne gabat gelendigini-de bellemek gerek.
Zondy ägirt gyzgynlykdan goramagy kömürturşy kompozitden ýasalan, galyňlygy 11,4 santimetre barabar bolan ýörite ýylylyk galkan ekrany üpjün edýär. Inženerleriň çykaran netijelerine görä, uçuş wagtynda ylmy gurallaryň käbir bölekleri 1300 gradus Selsiden hem ýokary bolan temperaturanyň täsirine düşdi.
Bu gün kosmos enjamy telemetriýa (enjamlaryň ýagdaýy baradaky) maglumatlaryny Ýere ugradyp başlar, 17-nji we 30-njy iýun aralygynda bolsa alymlar esasy ylmy maglumatlar toplumyny almagy meýilleşdirýärler. Bu maglumatlaryň Günüň şemallarynyň, magnit meýdanlarynyň we kosmos howasynyň tebigatyna has gowy düşünmäge kömek etmegine garaşylýar.