NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy.
Täze gazanylan bu üstünlik sesden çalt, ýöne sessiz uçuş tehnologiýalaryny ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Synag uçujysy Jim «Klu» Less 1,1 Mah tizligine (sagatda 1147 km tizlikde) we 13 228 metr belentlige ýetdi. Uçuş 81 minut dowam etdi. Synagyň dowamynda inženerler topary sesden haýal hem sesden çalt tizligiň dolandyryş häsiýetlerine üns berdiler.
«X-59-yň» gurluşy ses tizliginden geçilende döreýän ägirt uly gümmürdini ýok edip, onuň ýerine diňe pes sesli, tutuksy gümmürdini emele getirmäge mümkinçilik berýär.
Bu wakanyň öňüsyrasynda soňky 90 günüň içinde 16 gezek uçuş amala aşyrylyp, örän dartgynly synag döwri geçirildi.
NASA-nyň administratory Jered Aýzekman: «Bu netijä ýetmegimize kömek eden NASA toparyna we «Lockheed Martin Skunk Works» bölümine minnetdarlyk bildirýärin. Men NASA-nyň synaglyk uçar hataryny dikeldýän wagtymyz, munuň bilelikdäki işlerimiziň ilkinjisi bolmagyny umyt edýärin» diýip mälim etdi.
Ýakyn günlerde täze uçuşlara garaşylýar. Indi uçaryň 1,4 Mah (sagatda 1489 km) tizlikde we takmynan 16 764 metr belentliklikde kreýser tizligine çykmagy meýilleşdirilýär.
«X-59» mundan beýläkki synaglaryny, adamlaryň bu «ümsüm gümürdini» nähili kabul edýändigini anyklamak üçin, ýany bilen barýan ýörite uçaryň gatnaşmagynda geçirer. Şondan soň agentlik öz netijelerini ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň kadalaşdyryjy edaralary bilen paýlaşar we bu ses goh-galmagaly barada täze ölçegleri kesgitlemäge kömek eder.