Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

  • 03.06.2026 23:03
  • 5.4k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories Initiative» umman monitoring ulgamynyň işini togtatmak barada karar kabul etdi. Bu maksatnama 2016-njy ýylda işe girizilipdi.

Onuň ýolbaşçysy Jim Edson öz wagtynda bu ulgamy dünýäde hemişelik hereket edýän umman gözegçilik torlarynyň arasynda iň kämili diýip atlandyrypdy.

ABŞ-nyň Milli ylym gaznasynyň maglumatyna görä, eýýäm şu ýylyň iýun aýynda birnäçe ştatlaryň kenarýakalarynda, şeýle hem Grenlandiýa bilen Islandiýanyň arasyndaky Irminger deňzinde gurnalan 900-den gowrak çuňňur deňiz enjamlaryny aýyrmak üçin ýörite ylmy-gözleg gämilerini ibermek meýilleşdirilýär. Bu işleriň doly tamamlanmagy üçin 15 aý çemesi wagt gerek bolar.

Bu ulgam arkaly ýygnalýan maglumatlar ummanyň parnik gazlaryny özüne siňdirişini, suwuň temperaturasynyň balykçylyga ýetirýän täsirini öwrenmek, kenarýaka suw basmalaryny seljermek we tebigat şertleriniň beýleki özgertmelerine gözegçilik etmek üçin ulanylýardy. Şeýle-de ulgam çylşyrymly we gymmat bahaly deňiz ekspedisiýalaryny guramazdan, göni ylmy maglumatlary almaga mümkinçilik berýärdi.

Şol bir wagtyň özünde, Oregon ştatynyň kenarýakasyndaky hereket edýän suwasty wulkanyň golaýynda ýerleşdirilen seýsmik datçikler azyndan 2028-nji ýyla çenli işlemegini dowam etdirer.

25 ýyllyk möhlet üçin niýetlenen bu maksatnamanyň ýyllyk saklanyş we abatlaýyş çykdajylary takmynan 48 million dollara deň bolupdyr. Trampyň administrasiýasy özal hem bu taslamanyň maliýeleşdirilmegini düýpli azaltmagy birnäçe gezek teklip edipdi, ýöne ABŞ-nyň Kongresi her gezek onuň üçin serişde bölünip berilmegini gaýtadan dikeldýärdi.

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera dolandyryş gullugynyň baş ylmy işgäriniň wezipesini ýerine ýetiren Kreýg Maklin: «Şeýle ulgamyň işini togtatmagy, ABŞ-nyň dünýäniň ylmy öňdebaryjylgyndan ýene-de yza çekilmegi bolýar» diýip, bu boýunça öz pikirini mälim etdi.


31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

26.05.2026 16:48
6.7k+

Pentagon uçýan näbelli obýektler barada täze materiallary neşir etdi

Pentagon UNO (uçýan näbelli obýektler) hökmünde belli bolan nätanyş adatdan daşary hadysalar baradaky gizlin resminamalaryň ikinji bölegini köpçülige hödürledi. Täze neşir edilen topluma harby we raýat......

22.05.2026 14:31
3.7k+

Sebäbi bar: ABŞ-nyň awiakompaniýasy adampisint robotlaryň uçara mündürilmegini gadagan etdi

Amerikanyň Southwest Airlines awiakompaniýasy robotlary we olaryň akkumulýatorlaryny barlamak maksatly ýüze çykan birnäçe wakalardan soň, öz uçuşlarynda adampsint robotlary daşamagy bütinleý gadagan etdi....