Pentagon uçýan näbelli obýektler barada täze materiallary neşir etdi

  • 26.05.2026 16:48
  • 6.8k+

Pentagon UNO (uçýan näbelli obýektler) hökmünde belli bolan nätanyş adatdan daşary hadysalar baradaky gizlin resminamalaryň ikinji bölegini köpçülige hödürledi. Täze neşir edilen topluma harby we raýat şahslarynyň beren şaýatnamalary, onlarça wideolar we dürli resminamalar girdi diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.

Neşir edilen maglumatlaryň arasynda dünýäniň dürli sebitlerinde surata düşürilen nätanyş obýektleriň kadrlary bilen 50-ä golaý faýl bar. 2019-njy ýylyň wideosynda Pars aýlagynyň üstünde hatar bilen uçup barýan üç sany näbelli obýekt hasaba alyndy. 2022-nji ýylda Eýranyň kenarýakalarynda düşürilen başga bir wideoda bolsa deňiz gämileriniň golaýynda dört sany näbelli obýektiň peýda bolýandygy görünýär.

2021-nji ýylda Siriýada düşürilen şekiller bolsa aýratyn ünsi özüne çekdi. Wideoýazgyda nätanyş obýekt birden tizligini artdyryp, kameranyň gözegçilik meýdançasyndan dessine ýitip gidýär.

Pentagon häzirki wagtda bu wideolaryň hiç birine resmi taýdan takyk düşündirişiň berilmändigini belledi. Adatdan daşary hadysalary derňemek edarasy (AARO) bolsa edaranyň özünde obýektleriň ýerden daşary gelip çykyşyna hiç hili subutnamanyň ýokdugyny mälim etdi.

Şeýle-de, resminamalarda NASA-nyň ýazgylary we astronawtlaryň kosmosdaky üýtgeşik hadysalar barada aýdan gürrüňleri hödürlenýär. Hususan-da, astronawt Wolter Şirra 1962-nji ýylda Mercury-Atlas 8 missiýasy wagtynda öz kosmos kapsulasynyň ýanynda ak reňkli nätanyş obýektiň bolandygyny we gäminiň aýnasynyň aňyrsynda ýagtylygyň peýda bolandygyny habar berdi.

Astrofizik Nil Degrass Taýson bolsa bu waka boýunça howlukmaç netijeleri çykarmazlyga çagyrdy. «Ylmyň tutuş taryhy boýunça ýüze çykan syrly hadysalaryň dogry düşündirişi hiç wagt jadygöýlik ýa-da gelmişekler bolmandy» – diýip, alym belledi.

Hökümet saýtynda maý aýynda çap edilen UNO baradaky materiallaryň ilkinji tapgyry bir milliarddan gowrak tomaşaçyny ýygnady. Pentagon häzirki wagtda bu maglumatlaryň üçünji bölegini hem taýýarlaýandygyny habar berdi.


düýn 16:13
5.2k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....