NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny göz öňünde tutýan uçarmanly Artemis IV missiýasy üçin synag uçuşy bolar diýip, agentlik habar berýär.
Missiýanyň komandiri NASA-nyň astronawty Rendi Bresnik, uçarman bolsa Ýewropanyň kosmos agentliginiň (ESA) astronawty Luka Parmitano bolar. Ekipažyň beýleki iki agzasy — Andre Duglas we Frenk Rubio. NASA-nyň ýene bir astronawty Bob Haýns bolsa ätiýaçlykdaky düzüme girdi.
«Biz şu gün Artemis II astronawtlary tarapyndan goýlan ajaýyp binýada daýanyp, adamzadyň Aýa gaýdyp barmagy ugrunda ýene-de bir batyrgaý ädimi ädýäris» – diýip, NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman belledi.
Ýatlap geçsek, 2026-njy ýylyň aprel aýynda Artemis II maksatnamasynyň gatnaşyjylary Aýyň daşyndan üstünlikli aýlanypdy. Bu waka «Apollon» döwründen bäri, ýagny ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Ýeriň hemrasyna guralan ilkinji uçarmanly ekspedisiýa boldy.
Geljekki täze missiýanyň — Artemis III-üň çäginde SLS raketasy Floridadaky NASA-nyň Kennedi adyndaky Kosmos merkezinden Orion gämisini Ýeriň pes orbitasyna çykarar. Kosmos gämisi Blue Origin we SpaceX kompaniýalary tarapyndan işlenip taýýarlanylýan synag gonuş ulgamlary bilen ýakynlaşmak we birleşmek mümkinçiliklerini görkezer.