2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

  • 25.05.2026 16:14
  • 5.5k+

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär.

Taslama 226 million dollar möçberinde maýa goýuldy. Gurluşyk işleri 2025-nji ýylyň oktýabrynda tamamlandy, fewral aýyndaky synaglardan soň, maglumat merkezi geçen hepde doly derejede täjirçilik işine başlady.

Kuwwaty 24 MWt bolan toplum deňziň takmynan 35 metr çuňlugynda ýerleşdirildi. Onda emeli aňyň wezipeleri, 5G torlary we uly göwrümli maglumatlary işlemek üçin niýetlenen 2000-e golaý serwer gurnaldy.

Enjamlary sowatmak üçin deňiz suwy ulanylýar, bu bolsa adaty kondisioner ulgamlaryny ulanmazdan, ýylylygy tebigy ýol bilen çykarmaga mümkinçilik berýär.

Maglumat merkezi desga üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň bir bölegini üpjün edýän deňiz şemal elektrik stansiýalary bilen birleşdirildi.

Işläp düzüjiler şeýle ulgamlary işletmegiň tehniki kynçylyklar bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Enjamlar ýokary basyşa we poslama (korroziýa) täsirine döz gelmeli, suw astyndaky hyzmat ediş bolsa ýerüsti desgalara garanyňda has çylşyrymlydyr. Munuň üçin ulgam uzakdan dolandyrylýan we ätiýaçlandyrylan germetik modullaryň esasynda guruldy.


13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 23:52
8.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.9k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

02.06.2026 20:46
4.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....