Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

  • 02.06.2026 20:46
  • 4.6k+

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

«Politico» neşiriniň habar bermegine görä, bu başlangyjyň esasy maksady — görnükli italýan fizigi, himigi we fiziology Alessandro Woltanyň (1745–1827) familiýasyny doly we dogry görnüşde dikeltmekden ybarat. Alym häzirkizaman batareýalarynyň we akkumulýatorlarynyň nusgasy bolan hemişelik toguň dünýäde ilkinji himiki çeşmesini — wolt sütünini dörediji hökmünde tanalýar.

Häzirki wagtda bu ölçeg birligi halkara derejesinde «volt» görnüşinde ulanylýar. Italiýanyň Sanly özgertmeler ministri Alessio Buttiniň aýtmagyna görä, alymlaryň hormatyna dakylan köp sanly ölçeg birlikleri familiýany doly görnüşde saklaýar — meselem, gers, nýuton ýa-da watt. Rim bu babatda häzirki dakylyp ýörlen ady lingwistik taýdan nädogry diýip hasaplaýar.

Italiýa bu üýtgetmäni ilki bilen milli derejede tassyklamagy, soňra bolsa Halkara ölçegler we agramlar býurosyna ýüz tutmagy meýilleşdirýär. Bu teklibi 2026-njy ýylyň oktýabrynda geçiriljek guramanyň Baş konferensiýasynyň ara alyp maslahatlaşmasyna çykarmak göz öňünde tutulýar.

Italýan hökümeti bu başlangyjyň esasan simwoliki we medeni häsiýete eýedigini, onuň milli ylmy mirasy öňe sürmek bilen baglanyşyklydygyny aýratyn belleýär.

Şol bir wagtda, bu üýtgetme diňe ölçeg birliginiň adyna degişlidir. Elektrik ulgamlarynyň iş ýörelgeleri hem-de ölçeg ulgamynyň özi öňküligine galar.


17.06.2026 10:34
2.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

07.06.2026 20:00
1.9k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......