Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

  • 31.05.2026 13:26
  • 1.8k+

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom kamerasy» diýlip atlandyrylan bu enjam adaty optiki guralardan has ýokary piksel durnuklylygyndaky şekilleri almaga mümkinçilik berýär.

Tehnoligiýa absolýut nula (iň aňrybaş sowuklyga) golaý temperatura çenli sowudylan we lazerler tarapyndan emele getirilen optiki duzagyň içinde saklanýan ýeke-täk aşgarly metal atomyna esaslanýar. Bu ýeke-täk atom kwant kompýuterleriniň we nanooptik enjamlaryň golaýynda ýerleşip bilýär we olaryň işine hiç hili zyýanly täsir ýetirmeýär.

Öwrenilýän obýektden gelýän ýagtylyk bilen özara täsirleşen wagty, şol atomynyň ýerleşýän ýeri we energetiki ýagdaýy üýtgeýär. Bu bolsa fotonlaryň häsiýetnamalaryny, şol sanda olaryň güýjüni we polýarizasiýasyny ölçemäge şert döredýär.

Geçirilen bäsleşikli synaglaryň dowamynda alymlar lazer şöhlesiniň ýagtylygynyň üýtgemegine takmynan 100 nanometr giňişlik anyklygy bilen gözegçilik etmegi başardylar. Bu bolsa adaty optik mikroskopuň mümkinçiliklerinden has ýokary görkezijidir.

Gözlegçileriň pikiriçe, geljekde bu täze açyş has kämil kwant kompýuterlerini, döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryny, duýujy sensorlary we nanooptika maksatly ylmy-gözleg gurallaryny döretmekde uly goldaw bolar.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......