Barselonada gurluşygy bir asyra çeken ybadathananyň merkezi diňi taýýar boldy

  • 05.03.2026 10:49
  • 9.8k+

Barselonada düýbi tutulanyna 144 ýyl geçen Sagrada Familiýa ybadathanasynyň merkezi diňiniň gurluşygy tamamlandy. Polatdan we aýnadan ýasalan 17 metrlik dört gyraňly haçyň iň ýokarky böleginiň gurnalmagy netijesinde gurluşygyň soňky tapgyry jemlendi. Şeýlelikde binanyň beýikligi 172,5 metre ýetdi.

Isa pygamberiň hormatyna dikeldilen merkezi diň ybadathananyň iň beýik nokady boldy. Sagrada Familiýa hut şonuň üsti bilen Germaniýadaky Ulm buthanasyndan öňürdip, dünýäniň iň beýik ybadathanasy derejesine eýe boldy.

Merkezi diňiň bitmegi esasy binanyň gurluşygynda jemleýji tapgyra geçilendigini aňladýar. Bu işleri arhitektor Antonio Gaudiniň aradan çykan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli şu ýyl doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda, ybadathananyň «Şöhrat» diýlip atlandyrylýan beýik fasadynyň gurluşygynyň ýene takmynan on ýyl dowam etjekdigi çaklanylýar.

Bu ähmiýetli waka Barselonanyň ÝUNESKO tarapyndan 2026-njy ýylyň Bütindünýä binagärlik paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen gabat geldi. Merkezi diňiň gurluşygynyň tamamlanmagyna bagyşlanan resmi dabarany 10-njy iýunda Barselonada geçirmek göz öňünde tutulýar.


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

14.04.2026 14:55
2.8k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......