Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

  • 14.04.2026 14:55
  • 2.8k+

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni jemgyýetçiligiň wekilleri bu milli gymmatlyklar ýurtdan çykarylandan soň, yzyna gaýdyp gelmez öýdüp gaty gorkýarlar.

Galmagal XX asyr Meksika sungatynyň iň ähmiýetli ýygyndylarynyň biri bolan Gelmanlaryň kolleksiýasynyň üstünde turdy. Bu ýygyndyda Frida Kalonyň, Diego Riweranyň, Rufino Tamaýonyň, Hose Klemente Oroskonyň we beýleki görnükli ussatlaryň 160-dan gowrak eseri bar.

2023-nji ýylda bu kolleksiýany Sambrano maşgalasy satyn aldy we onuň ygtyýaryny Ispaniýanyň Banco Santander toparyna berdi. Bank bolsa şu tomusda sergini Ispaniýadaky Faro Santander medeniýet merkezinde goýmak isleýär.

Medeniýet merkeziniň direktory Daniel Weganyň El País neşirine beren interwýusynda kolleksiýanyň täze merkezde «hemişelik görkeziljekdigini» ýaňzytmagy meksikanlaryň gorkusyny has-da artdyrdy. Hakykatdan hem, bu boluş eserleriň Meksika hiç wagt gaýtarylyp getirilmän, Ispaniýada galdyryljakdygyna meňzeýär.

Açyk hatyň awtorlarynyň biri, taryhçy Fransisko Berzunsa: «Kalo biziň taryhymyzyň iň görnükli suratkeş zenany hem bolsa, onuň eserlerini Meksikanyň özünde däl-de, daşary ýurtlarda görmek has aňsat» diýip, ýagdaýyň näderejede ýürek awadyjydygyny düşündirýär.


düýn 16:49
2.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 07:47
1.4k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....