Bloomberg: Messi milliarder boldy

  • 23.05.2026 13:15
  • 11k+

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi.

«Bloomberg» agentliginiň berýän maglumatyna görä, Messi 2007-nji ýyldan bäri dürli goşmaça bonuslary hem hasaba alanyňda, takmynan, 700 million dollar gazandy. Futbolçynyň umumy baýlygy maýa goýumlaryň, hemaýatkärlik şertnamalarynyň we onuň eýeçiligindäki aktiwleriň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde artdy.

Agentligiň bellemegine görä, karýerasynyň ilkinji ýyllarynda argentinaly ýyldyzyň mahabatdan gazanýan girdejileri onuň sportda gazanan üstünliklerinden pesdi. Ýöne bu ýagdaý soňky ýyllarda futbolçynyň kakasy Horhe Messiniň tagallasy we täsiri bilen düýpgöter üýtgedi.

Messi 2026-njy ýylda «Inter Maýami» bilen täze şertnama baglaşdy. Bu şertnama klubuň girdejisiniň bir bölegini paýnamalar görnüşinde almagy göz öňünde tutýar. Şertnama boýunça tölegleriň umumy mukdary ýylda 70–80 million dollara ýetip biler. Mundan başga-da, futbolçy «Apple TV» serwisi arkaly MLS oýunlarynyň görkezilişine ýazylýan janköýerleriň berýän pulundan hem paý alýar.

«Bloomberg» agentligi Kriştianu Ronalduny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda milliarderleriň sanawyna girizipdi. Portugaliýaly hüjümçi, agentligiň tassyklamagyna görä, dünýäde ilkinji milliarder futbolçy boldy.


şu gün 11:10
4.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
3.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
10k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......