Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

  • şu gün 12:25
  • 444

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi.

Giň möçberli ylmy işleri geçirmek baradaky karar suratkeşiň 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen esasy sergisiniň öňüsyrasynda kabul edildi.

Bu ajaýyp nusga muzeýiň Benua ganatynyň Açyk restawrasiýa zalyna geçiriler, şol ýerde myhmanlar hünärmenleriň iş prosesini synlap bilerler.

Şu wagta çenli 1850-nji ýylda döredilen bu kartinada gatlaklary we reňkleri berkitmek boýunça diňe ýerli konserwasiýa işleri geçirilipdi. Şeýle-de bolsa, köp ýyllyk gözegçilikler grunt we boýag gatlagynyň zaýalanmagyny, täze döwülmeleriň peýda bolmagyny, ýerli soyulmalary we krakelýur zolaklarynyň köpelmegini hasaba aldy.

Restawratorlar tutuş kendiriň esasyny berkiderler, soyulmalary aýrarlar we wagtyň geçmegi bilen tegmilleri artan lak örtüginiň kemçiliklerini düzederler.

Şu işler bilen ugurdaşlykda, hünärmenler 1897-nji ýyldan bäri taryhy altyn çaýylan çarçuwany dikeldip, lipa agajyndan ýiten 100-den gowrak oýma nagyşlary täzeden dörederler. Täze bölekler lipa agajynda saklanyp galan nagyşlara görä oýulyp haşamlanar, däp bolan grunt bilen örtüler we soňra altyndan ýukajyk ýapraklar bilen bezeler.

Muzeý restawrasiýadan soň tomaşaçylaryň kartinany suratkeşiň asyl niýetine mümkin boldugyça golaý reňk palitrasynda görjekdigine umyt baglaýar.


düýn 15:32
2k+

Argentinaly suratkeş reňkini üýtgedýän eserleri bilen meşhurlyk gazandy

Argentinaly suratkeş Gwido Llordi serediş burçuna we ýagtylyga görä reňkini üýtgedýän suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy....

26.05.2026 15:18
1.7k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

25.05.2026 17:12
6.2k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....

24.05.2026 16:26
5.8k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....