Hindistanda badminton topunyň şekilinde bina guruldy

  • 10.03.2026 15:29
  • 5.5k+

Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy.

Gije wagty binanyň daşky görnüşini ýagtylandyrmak üçin prožektorlar ulanylýar, şonda olaryň şöhlesi wolanyň ýelekleriniň effektini döredýär.

Binanyň merkezinde sekiz sany badminton meýdançasy bolan uly açyk zal ýerleşýär. Onuň daşyny tomaşaçylar üçin niýetlenen basgançakly münberler gurşaýar.

Desganyň sferik jam şekili diňe bir simwolik roly oýnaman, eýsem binany güýçli ýelden hem goraýar.

Sport meýdançalaryndan başga-da, toplumda gelýänler üçin goşmaça ýerler göz öňünde tutulan. Binanyň içinde kafe we sport dükany işleýär, üçeginde bolsa daş-töweregi synlar ýaly meýdança enjamlaşdyrylan.

«Archohm» — hindistanly binagär Maniş Gulati tarapyndan esaslandyrylan arhitektura býurosydyr. Studiýa jemgyýetçilik binalarynyň, bilim edaralarynyň we medeni giňişlikleriň taslamalaryny düzmek bilen meşgullanýar. Býuro işlän ýyllarynyň dowamynda Hindistanda we beýleki ýurtlarda gyzykly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi.


18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....