Türkmen himikleri ekologiýa taýdan has arassa sement öndürmegiň usulyny tapdylar

  • 07.02.2026 02:25
  • 5.1k+

Türkmen alymlary taýýar materialyň hilini ýitirmezden, çig malyň we ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berýän, mineral goşundylaryň paýy ýokarlandyrylan portlandsement öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu taslama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan Döwlet energetika instituty bilen bilelikde alnyp barylýar.
Usulyň özeni sement klinkeriniň paýyny azaltmakdan we ony minerallar bilen çalşyrmakdan ybaratdyr. Belli bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurtda 20 göterim mineral goşundysy bolan sement eýýäm öndürilýär. Barlagçylar bu görkezijini 35 göterime çenli ýokarlandyrmagy teklip etdiler. Synaglar şeýle düzümli betonyň berkliginiň kadalaşdyryjy talaplara doly laýyk gelýändigini subut etdi.
Mineral goşundylar üçin çig mal hökmünde düzüminde aktiw kremniý oksidi bolan opoka hyzmat edýär. Şeýle düzüm betonyň agressiw gurşawyň täsirine durnuklylygyny ýokarlandyrýar,  klinkeriň göwrüminiň azaldylmagynyň netijesinde bolsa parnik gazlarynyň bölünip çykmagy peselýär. Sementiň bir tonnasynda klinkeriň tygşytlanmagy 300 kg-dan geçýär. Bu bolsa öz gezeginde tebigy gazyň sarp edilişini hem azaldýar.
Barlaglaryň netijeleri Russiýanyň Syktywkar uniwersitetiniň ylmy habarlar neşirinde neşir edildi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda 5 sany sement zawody işleýär we olaryň umumy önümçilik kuwwaty ýylda 3,5 million tonnadan geçýär. Şol nukdaýnazardan seredniňde täze usulyň ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýedir.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....