Selin Dionyň Pariždäki konsertleri ýurda 1,2 mlrd ýewro girdeji getirip biler

  • 16.04.2026 11:08
  • 2.9k+

Selin Dionyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Parižde geçirjek 16 konsertden ybarat bolan täze döredijilik sapary şäheriň syýahatçylyk pudagyna güýçli ykdysady itergi berer diýlip garaşylýar. Ekspertleriň baha bermegine görä, aýdymçynyň sahna dolanmagy sebitiň ykdysadyýetine 300-den 500 mln ýewro çenli girdeji getirip biler.

Choose Paris Region agentliginiň başlygy Aleksandra Dýublanş bu möçbere petek satuwynyň, myhmanhana we restoran bronlamalarynyň hem-de söwda harajatlarynyň girýändigini belleýär. Sebäbi şeýle ýagdaýlarda daşary ýurtly myhmanlar ýerli ýaşaýjylara garanyňda has köp pul sarp etmäge taýýar bolýarlar.

Adagio myhmanhanalar ulgamy bronlamalaryň 400% artandygyny hasaba aldy, Booking.com bolsa «Paris» diýen gözleg sanynyň 49% ýokarlanandygyny habar berdi. MKG analitigi Wangelis Panaýotis, eger-de goldaw toparynyň we janköýerleriň ulag hem-de logistika çykdajylary hasaba alynsa, umumy ykdysady täsiriň 1,2 mlrd ýewro ýetip biljekdigini güman edýär.

58 ýaşly Selin Dion seýrek duş gelýän autoimmun keseli zerarly karýerasyna alty ýyllyk arakesme bermeli bolupdy.

– Şu ýyl men ömrümde iň gowy doglan gün sowgadyny alýaryn. Mende sizi görmäge we Parižde ýene-de sahna çykmaga mümkinçilik dörär – diýip, aýdymçy begenjini paýlaşýar.  

Turnir 12-nji sentýabrdan 17-nji oktýabra çenli dowam eder we konsert bahanaly syýahat etmegi aňladýan döwrüň täze trendi – «gig-tripping-iň» bir bölegi bolar. 


20.06.2026 01:05
4.2k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......