Awstraliýadaky ýaryşda höwesjeň tennisçi ussatlary ýeňip, 668 müň dollar gazandy

  • 16.01.2026 12:24
  • 3k+

"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy.

Ýaryşa Awstraliýanyň dürli künjeklerinden jemi 48 tennisçi, şol sanda hünärmenler, weteranlar we höwesjeňler gatnaşdy. Bäsleşigiň ähli oýunlary adatdan daşary formatda, ýagny diňe bir utuk üçin geçirildi. Oýunçylar ilki bilen “daş, kagyz, gaýçy” oýny arkaly topy oýna girizijini kesgitlediler, şondan soň bolsa ýeke-täk utuk oýnaldy. Şol utugy alan türgen göni indiki tapgyra geçdi, finalyň ýeňijisi bolsa tutuş baýrak gaznasyna eýe boldy.
Jordan Smit ýaryşyň üçünji tapgyrynda dünýäniň ikinji raketkasy Ýannik Sinnerden üstün çykdy. Finalda bolsa awstraliýaly höwesjeň dünýäniň 117-nji raketkasy, taýwanly 24 ýaşly Joanna Garlandy ýeňmegi başardy.
Dünýäniň birinji raketkasy, ispaniýaly Karlos Alkaras hem üçünji tapgyrda ýaryşdan çykdy. Ol reýtingde 52-nji orunda durýan gresiýaly tennisçi Mariýa Sakkariden ýeňildi.
Jordan Smit Täze Günorta Uels ştatynyň çempionydyr. "1 Point Slam" ýaryşynda iň gowy netije görkezen ýene iki sany höwesjeň türgen "Australian Open-iň" hemaýatkäri tarapyndan goýlan Kia EV9 awtoulagyny utmak ugrundaky aýratyn bäsleşige gatnaşdy. Şol duşuşykda Smit Kwinslend ştatynyň çempiony, 23 ýaşly Alek Rewerenteden ýeňildi.
Möwsümiň ilkinji “Uly şlem” (Grand Slam) ýaryşy bolan Australian Open 12-nji ýanwardan 1-nji fewrala çenli dowam edýär.


düýn 12:41
1.7k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....