Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi

  • 03.05.2026 11:45
  • 1.1k+

Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy.

Ýarym finalda Sinner fransuz tennisçisi Artýur Fisi 6:2, 6:4 hasaby bilen utdy. Bu ýeňiş onuň «Masters» ýaryşlarynda yzygiderli 27-nji ýeňşi boldy. Şu möwsümde italýan türgeni eýýäm bu seriýanyň üç ýaryşynda — Indian-Uellsde, Maýamide we Monte-Karloda ýeňiji boldy.

«Opta-nyň» maglumatlaryna görä, Sinner Rafael Nadaldan, Rojer Federerden we Nowak Jokowiçden soň, dokuz sany «Masters» ýaryşynyň ählisiniň finalyna çykan dördünji tennisçi boldy. Emma ol bu netijä 41 ýaryşyň dowamynda ýetdi we bu hem täze rekord boldy.

Madriddäki ýaryşyň finalynda Sinneriň garşydaşy Aleksandr Zwerew ýa-da Aleksandr Bloks bolar. Baýrak gaznasy 8,235 million ýewro deň bolan Madriddäki ýaryş 3-nji maýda tamamlanar.


düýn 10:24
957

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......