Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

  • 18.05.2026 17:48
  • 1.6k+

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy.

24 ýaşly italiýaly tennisçi üçin bu titul ATP 1000 seriýasynyň ýaryşlarynda yzygiderli altynjy tituly boldy. Bu bolsa 1990-njy ýylda «Masters» kategoriýasy döredileni bäri rekord görkezijidir. Mundan öňki iň gowy netije yzygider gazanylan dört ýeňiş bolup, ol Nowak Jokowiçe we Rafael Nadala degişlidi.

Şeýle-de, Sinner Jokowiçden soň «Altyn karýera Mastersini» jemlemegi başaran ikinji tennisçi boldy — ol ATP 1000 tapgyrynyň dokuz ýaryşynyň hersinde azyndan bir gezek ýeňiş gazandy.

Rimdäki ýeňiş italiýaly türgen üçin ATP 1000 ýaryşlarynda yzygider 34-nji ýeňiş boldy. Ol 2011-nji ýylda bu kategoriýaly ýaryşlarda yzygider 31 ýeňiş gazanan Jokowiçiň rekordyny täzelemegi başardy.

Häzirki wagtda Sinneriň hasabynda ýekelikde 29 ATP tituly bar. Ol 2026-njy ýylda Indian-Wellsdäki, Maýamidäki, Monte-Karlodaky, Madriddäki we Rimdäki «Masters» ýaryşlarynda ýeňiş gazandy, şeýle hem geçen möwsümi Parizdäki ýaryşda ýeňiş gazanmak bilen tamamlady.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......