Alymlar ilkinji adamlaryň Awstraliýa haçan we nähili göçüp barandyklaryny anykladylar

  • 02.01.2026 10:57
  • 7.3k+

Halkara alymlar topary Awstraliýa häzirki zaman aborigenleriniň we papuaslaryň ata-babalarynyň takmynan 60 000 ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýadan iki dürli göçüş ýoly arkaly gadymy Sahul yklymyna gelendigini anykladylar.

Science Advances žurnalynda çap edilen bu barlag Haddersfild we Sautgempton uniwersitetleriniň hem-de beýleki ylmy merkezleriň hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Bu barlag Homo sapiens-iň Okeaniýada irki ornaşyşynyň "uzak möhletli hronologiýasyny" tassyklaýar.
Alymlar häzirki zaman Awstraliýa aborigenlerinden, Täze Gwineýalylardan, şeýle hem Günorta-Gündogar Aziýanyň we Ýuwaş ummanynyň günbatar ekwatorial-tropiki böleginiň ilatyndan alnan 2500-e golaý mitohondrial genomlary seljerdiler. Ene tarapyndan geçýän DNK olara genealogik baglanyşyklary dikeltmäge we iň gadymy nesilleriň ýaşyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Netijeler Awstraliýa we Täze Gwineýa üçin mahsus bolan genetiki nesilleriň takmynan 60 000 ýyl mundan ozal dörändigini görkezdi: olaryň biri demirgazyk sebitlerden (Demirgazyk Indoneziýa we Filippinler) geçip, bütin Sahul boýunça ýaýrapdyr, beýlekisi bolsa has günorta ýol bilen diňe geljekki Awstraliýanyň çäklerine barypdyr. Şol döwürde deňiz derejesi pes bolup, Awstraliýa bilen Täze Gwineýa bir bitewi gury ýer massiwini emele getiripdir. Şeýle-de bolsa, aralykdaky bogazlardan geçmek üçin ösen deňizçilik başarnyklary gerek bolupdyr.

"Biziň açyşymyz adamyň gelip çykyşyny we ewolýusiýasyny, deňiz üsti bilen edilen göçüşleriň aýratynlyklaryny we gadymy nawigasiýa başarnyklaryny aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Bu bolsa sebitdäki ýerli jemgyýetleriň bu irki syýahatlar bilen baglanyşykly çuňňur mirasyny görkezýär" diýip, deňiz arheology, Sautgempton uniwersitetiniň professory Helen Farr belledi.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......