Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

  • 01.06.2026 00:04
  • 7.1k+

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu ylmy iş Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylym-tehnologiýa parkynyň Biotehnologiýalar barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirildi diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Alymlaryň maglumatlaryna görä, tüýleriň şol belli metal öwüşginli lowurdysy gylyň gurluşynyň birnäçe komponentleriniň özara täsirleşmeginiň netijesidir. Alymlaryň «biologik linza» diýip atlandyrýan bu effektine keratin matriksi, lipid toplumy we mikroelementleriň bellibir deňagramlylygy jogap berýär.

Täze usul lipidleriň ekstraksiýasyny, beloklaryň gidrolizini we minerallaryň atom-absorbsion spektrometriýasyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmä esaslanýar.

Geçirilen ylmy barlaglar keratiniň ýokary derejesiniň hem-de lizin we alanin aminokislotalarynyň konsentrasiýasynyň gyl fibrillalarynyň dykyzlygyny we kutikulanyň ýylmanaklygyny üpjün edýändigini subut etdi. Lipid toplumy bolsa şöhle serpikdiriji gatlagy emele getirýär, şol bir wagtyň özünde sink we mis elementleriniň mukdary pigmentasiýanyň intensiwligine we endamyň şöhle serpikdirmek ukybyna göni täsir edýär.

Bu «Ahalteke tohumyndan bolan atlaryň tüýüniň fenotipik lowurdysynyň determinantlaryna ulgamlaýyn-toplumlaýyn biohimiki baha bermegiň usuly» atly ylmy taslama üçin awtorlyk hukugy alyndy we patent almak üçin arza hasaba alyndy. Işiň awtorlary hökmünde Altyn Rahmanowa, Durdymyrat Gadamow we Töre Garlyýew çykyş etdi.

Işleriň dowamynda alymlar ilkinji gezek ahalteke tohumynyň esasy reňkleri bolan gara, çal, dor we mele reňkler üçin sanly biohimiki profilleri emele getirdi. Bu bolsa atçylyk sergilerinde ekspertiza wagtynda adaty göz bilen baha bermek usulyny dolulygyna barlaghana görkezijileri bilen çalşyrmaga we adam faktorynyň täsirini aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.

Alymlaryň aýtmagyna görä, bu usul diňe bir seleksiýa işlerinde däl, eýsem weterinariýada we zootehniýada hem giňden ulanylyp bilner. Gazanylan täze görkezijiler jandaryň genetiki potensialyna, iýmitlendiriliş hiline we saklanyş şertlerine baha bermäge, şeýle hem zerur bolan daşky görnüş aýratynlyklaryny gazanmak üçin iýmit rasionyny talabalaýyk düzmäge ýardam eder.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......