Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

  • 21.03.2026 15:40
  • 6.1k+

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi.

2024-nji ýylda inženerçilik tejribesi bolan IT hünärmeni, Core Intelligence Technologies kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we Awstraliýanyň Maglumat ylymlary we emeli aň assosiasiýasynyň direktory Koningemiň itinde köp sanly çişleriň bardygy anyklandy. It birnäçe gezek himioterapiýa aldy we operasiýa geçirdi, ýöne olar garaşylan netijäni bermedi we kesel ötüşmegini dowam etdi. Eýesiniň aýtmagyna görä, weterinar lukmanlar Roziniň bir aýdan alty aýa çenli ömrüniň galandygyny çakladylar.

Koningem lukmanlaryň çaklamalaryny gutarnykly hasaplamazlyk kararyna geldi we mümkin bolan bejeriş wariantlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ChatGPT-e ýüz tutdy. Şeýlelik bilen, ol şahsylaşdyrylan mRNA sanjymyny döretmek pikirine geldi, bu häzirki wagtda lukmançylykda işjeň öwrenilýän, ýöne çylşyrymly ylmy binýady talap edýän çemeleşme. Bu pikir immun ulgamyna rak öýjüklerini neoantigenler - çişiň belli bir görnüşine mahsus bolan özboluşly mutasiýalar arkaly tanamagy "öwretmekden" ybaratdyr. Bu ýerde hemmä laýyk gelýän belli bir çözgüt ýok: her bir çiş aýratynlykda seljerilmeli.

Zerur maglumatlary almak üçin Koningem dürli ylmy-barlag merkezleriniň alymlary bilen habarlaşdy. Täze Günorta Uels uniwersiteti oňa çişiň yzygiderliligini kesgitlemäge kömek etdi. Ahyrsoňy Koningemiň başlangyjyny goldan professor Martin Smit ilkibaşda muňa şübhelenipdi.

“Biz, adatça, gönüden-göni sarp edijilere DNK-nyň yzygiderliligini kesgitlemek hyzmatlaryny etmeýäris, sebäbi genomika üçin maglumatlary almak bize aňsat düşse-de, ony seljermek hakykatdanam çylşyrymly we kyn iş. Emma Pol: “Alada etmäň, men maglumat seljerijisi we muny ChatGPT bilen çözüp bilerin” diýdi” - diýip, The Australian gazeti onuň sözlerini getirýär..

Neşiriň ýazmagyna görä, Roziniň çişleriniň yzygiderliligini kesgitlemek prosedurasy onuň eýesine takmynan 3000 dollara düşdi. Soňra, ChatGPT we AlphaFold programmasyny ulanyp, Koningem maglumatlary seljerdi, sanjymyň nyşana almaly ýerlerini kesgitledi we dermany sintezlemek üçin alymlary kömege çagyrdy.

Gyzykly tarapy, iň kyn tapgyr işläp düzme däl-de, waksinany ulanmaga rugsatnama almak boldy. Kadalaşdyryjy edaralar bilen ylalaşmak prosesi üç aý töweregi wagt aldy.

It dekabr aýynda ilkinji sanjymyny aldy, soňra bolsa güýçlendiriji sanjym edildi. Eýesiniň aýtmagyna görä, bary-ýogy alty hepdeden soň çişler ep-esli - käbir ýagdaýlarda, takmynan, iki esse kiçeldi. Bu doly sagalmagy aňlatmaýar, ýöne bedeniň bejergä berýän jogabyny görkezýär.

Telekeçi häzirki wagtda sanjymyň ikinji wersiýasynyň üstünde işleýär, ol has az duýgur çişlere gönükdirilen bolmaly. Rozi bilen bagly gürrüň açyk bolmagynda galýar, ýöne ol eýýäm lukmançylygyň nähili üýtgeýändiginiň, tehnologiýanyň kömegi bilen has şahsylaşdyrylýandygynyň we elýeterli bolýandygynyň mysalyna öwrüldi.


düýn 12:06
7.5k+

Semizlik ösen ýurtlarda azaldy, garyp ýurtlarda bolsa artdy. Sebäbi?

Dünýäniň 200 sany ýurdunda geçirilen täze barlag baý we ösen döwletlerde semizligiň azalandygyny, emma garyp hem-de ösüp barýan ýurtlarda bolsa bu görkezijiniň tersine, örän çalt artýandygyny ýüze çykardy....

18.05.2026 14:46
4.6k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
6.1k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.9k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......