Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

  • şu gün 15:54
  • 1k+

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy.

Şanhaýyň «Neuracle Technology» kompaniýasy tarapyndan Sinhua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde işlenip düzülen we mart aýynda hödürlenen «NEO» implanty, oňurga beýnisi şikesleneninden soň elleri ysmaz bolan hassalar üçin niýetlenendir. Bu oýlap tapyş eýýäm ýurduň lukmançylyk ätiýaçlandyryş ulgamyna goşulyp başlady.

«NEO» implantyny alan ilkinji hassalaryň biri, awtoulag heläkçiliginden soň boýnundan aşak ysmaz bolan 39 ýaşly Henan welaýatyndan bolan Dun Huý boldy. Çip oňa 2024-nji ýylyň noýabr aýynda goýuldy. 11 aýlyk gaýtadan dikeldiş işlerinden soň, erkek adam ýene-de galam bilen ýazyp başardy.

Teňňe ululygyndaky enjam beýniniň gaty örtügine oturdylýar. Beýniniň signallary kompýutere geçirilýär we olary türgenleşik wagtynda ulanylýan robotlaşdyrylan ellik üçin buýruklara öwürýär. Hassanyň bellemegine görä, türgenleşikleriň başlanmagyndan dokuz gün geçensoň, ol sag eli bilen özbaşdak top tutup başarypdyr.

Hytaýyň lukmançylyk önümlerine gözegçilik edýän edarasynyň maglumatlaryna görä, «NEO» 18-60 ýaş aralygyndaky, elleriniň hereket funksiýalarynyň azyndan bir bölegini saklap galan we ähli süňkleri ysmaz bolan hassalar üçin niýetlenendir.

Rugsat alnandan soň, implant Hytaýyň lukmançylyk ätiýaçlandyryş ulgamynda öz klassifikasiýa koduny aldy. Ýurduň häkimiýetleri «beýni–kompýuter» interfeýslerini kwant tehnologiýalary we adam şekilli robotlar bilen birlikde ösüşiň strategik taýdan möhüm ugurlarynyň hataryna goşdy.


şu gün 17:46
175

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 07:25
4.5k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.7k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.3k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....