Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli kiçelendigi ýa-da doly ýitip gidendigi hasaba alyndy.
Bu ylmy barlaga dünýäniň 11 ýurdundan jemi 102 sany näsag gatnaşdy. Olaryň ählisi adaty bejergi usullarynyň eýýäm peýda bermän galan, gaýtalanýan ýa-da metastaz beren kelläniň we boýnuň düwnük keseli bilen kesellän adamlardy. Adamyň papilloma wirusy bilen baglanyşykly bolan agyz-bokurdak böleginiň ýasy öýjükli karsinomasy bolan hassalar bu synaga goşulmady, sebäbi keseliň şeýle görnüşleri, adatça, bejergä has aňsat boýun egýär.
«Johnson & Johnson» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu derman çişe birbada birnäçe usul arkaly täsir edýär. Ol rak öýjükleriniň ösmegine gatnaşýan EGFR belogyny blokirleýär, çişiň bejergä garşy durmagyna kömek edýän MET signal ýoluny basyp ýatyrýar, şeýle hem näsagyň öz immun ulgamyny höweslendirýär.
Bejergi ambulator şertlerde, her üç hepdeden bir gezek geçirildi. Derman göni deri astyna goýberildi, bu bolsa uzak wagtlap wena içine suwuklyk goýbermek usulyndan ýüz öwürmäge mümkinçilik berdi.
Barlaglaryň netijelerine görä, 102 gatnaşyjynyň 43-üsinde çişleriň kiçelendigi ýa-da bütinleý ýitendigi anyklandy. 28 sany näsagda täze dörän çişler düýpli azaldy, 15-isinde bolsa olar bütinleý tapylmady. Lukmanlar ilkinji oňyn netijeleri bejergi başlanandan eýýäm birnäçe hepde soň görmegi başardy.
Bejergi başlanandan soň, näsaglaryň ortaça ömür dowamlylygy 12,5 aýa barabar boldy. Goşmaça täsirleriň köpüsi ýeňil ýa-da orta derejede ýüze çykdy, diňe 10%-den hem az gatnaşyjyda bejergini bes etmeli boldy.
Londondaky Onkologiýa barlaglarynyň institutynyň professory Kewin Harrington bu görkezijileri ozal görlüp-eşidilmedik hem-de haýran galdyryjy diýip atlandyrdy.
Synaga gatnaşanlaryň biri hem Birmingem şäherinden bolan 56 ýaşly Karl Wolş boldy. Himiýa we immun-bejergileri netije bermänsoň, ol Patyşalygyň Marsden hassahanasynda geçirilýän OrigAMI-4 atly ylmy barlaga goşuldy. Onuň aýtmagyna görä, bejergi başlanandan ýarym ýyl geçenden soň, ol ýene-de kadaly iýmitlenip we doly gürläp başlapdyr.
«Şeýle agyr näsaglar toparynda çişiň bejergisine bu derejede jogap berilmegi we umyt dörediji diri galmak görkezijileri — bu öňe tarap ädilen örän uly ädimdir» — diýip, Halkara rak kesellerini öwreniş merkeziniň ýerine ýetiriji direktory professor Kristian Helin belledi.