BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

  • 08.06.2026 07:29
  • 3.4k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk meýilnamany tanyşdyrdy.

Bu maksatnama eýýäm kesel ýagdaýlary hasaba alnan Kongo Demokratik Respublikasyna we Uganda goldaw bermegi, şeýle hem goňşy ýurtlary wirusyň ýaýramak ähtimallygyna taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Meýilnama serhetlerde sanitariýa gözegçiligini güýçlendirmegi, barlaglary giňeltmegi we lukmançylyk gulluklarynyň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy öz içine alýar.

BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň sözlerine görä, ýokanç keseliniň ýaýraýyş tizligi oňa garşy görülýän çäreleriň amal edilişinden has öňe geçýär.

Kongo DR-de kesel ýokmagynyň 452 ýagdaýy we 82 ölüm tassyklanyldy. Ugandada bolsa 19 sany kesellän we iki sany ölüm ýagdaýy hasaba alyndy.

Häzirki wagtda ýüze çykan bu epidemiýa Ebola wirusynyň Bundibugýo ştammy bilen baglanyşyklydyr, bu görnüş üçin bolsa häzirki wagta çenli tassyklanylan hiç hili sanjym ýa-da ýöriteleşdirilen bejergi ýok. Keseli anyklaýyş işleri hem goşmaça kynçylyk döredýär, sebäbi bar bolan testler wirusyň bu täze görnüşini elmydama çalt anyklap bilmeýär.

Iýun aýynyň başyna çenli bolan maglumatlara görä, halkara donorlar epidemiýa garşy göreşmek üçin 315,8 million dollar maliýe serişdesini bermegi wada berdi, emma bu görkeziji talap edilýän maliýe möçberinden ep-esli azdyr.


26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......