Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini ýatladýar.
Gün tertibi we Günden goranmak
- Howpsuz sagatlar: Çagalara we ýaşuly adamlara ir säher bilen (sagat 06:00-dan 09:00-a çenli) hem-de öýlän (sagat 18:00-dan 21:00-a çenli) gezelenç etmek maslahat berilýär.
- Köçä çykanyňyzda hökman başgaplary, günden goraýan saýawanlary ulanmak we ýanyňyzda elmydama arassa agyz suwuny götermek zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde, Gün şöhlesini dogry we ýerlikli peýdalanmagyň organizmde D witamininiň emele gelmegine goşant goşýandygy bellenilýär.
Iýmitlenmek we suw düzgüni
- Suw: Günde, iň bolmanda, 1,5–2 litr arassa agyz suwuny içmek hökmandyr.
- Iýmit: Her gün gök önümleriň we miweleriň 5–6 görnüşini iýmek maslahat berilýär.
- Käbir çäklendirmeler: Duzy ulanmagy günüň dowamynda 3–5 grama çenli azaltmak gerek. Zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen, şöhlat önümlerini, şeýle hem demir we aýna gaplara gaplanan önümleri aşa köp iýmekden gaça durmak maslahat berilýär.
Şeýle hem aşakdakylar zerurdyr:
- Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden daşda durmak.
- Gan basyşyny we ganyň düzümindäki süýjini yzygiderli gözegçilikde saklamak, maşgala lukmanynyň beren ähli görkezmelerini berjaý etmek.
Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň hünärmenleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan çaýlary içmegi hem maslahat berýär. Ýöne munuň üçin ilki bilen öz maşgala lukmanyňyz bilen geňeşmelidir.
Mundan başga-da, hünärmenler döwlet ätiýaçlandyrmasynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy we ýurtda hereket edýän şypahanalarda ýylda bir gezek dynç almagy maslahat berýär.