Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

  • 09.06.2026 23:14
  • 7.8k+

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine sebäp bolup biler.

Podiatr (aýak kesellerini bejerýän lukman) Enn Şarkiniň aýdyşy ýaly, pes ökjeli aýakgapda ýasy dabanyň we titremäni öňüni alýan gurluşyň ýokdugy sebäpli, wagtyň geçmegi bilen ökjede agyrylar döredýär we aýagyň görnüşi üýtgeýär. Ol: «Baletkaly her ädim ädeniňizde aýagyňyz edil tekiz karton böleginiň üstüne düşýän ýaly bolýandyr.

Eger adamlar baletkalary birnäçe aýlap dowamly geýenlerinde aýaklaryna nämeleriň bolýandygyny bilsediler, olary geýmezden ozal gaýta-gaýta pikirlenerdiler» diýip, giňişleýijn düşündirýär.

Lukman Marion Ýau bolsa, baletkalaryň burnunyň darlygynyň barmaklaryň gyşarmagyna, gabarçak emele gelmegine we dyrnaklara zeper ýetmegine sebäp bolup bilýändigini bu aýdylanlaryň üstüne goşýar. Ol: «Aýakgabyň burny näçe dar bolsa, barmaklaryň erkin hereket etmegi üçin şonça-da az ýer galýar we bu aýagyň öň tarapyna uzak wagtlyk ýaramaz täsir edýär» diýip belleýär.

Şeýle-de hünärmenler köwüş satyn alnanda aýakgabyň aýagyň ölçegine doly laýyk gelmegine, ýöreýän wagtyňda durnukly ýagdaýy emele getirmegine we aýakda ykjam oturmagyna üns bermelidigini tabşyrýarlar.


24.06.2026 18:05
2.9k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......