Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik görnüşindäки synag derman serişdesi saç dökülmesi ýeňil we ortaça derejede bolan erkek kişileri bejermekde ýokary netije görkezdi.
Barlaga 519 sany erkek adam gatnaşdy. Dermanlary barlamak üçin adaty däl bir usul ulanyldy. Näsaglar toparlara bölündi. Haýsy topara hakyky dermanyň, haýsyna bolsa ýasama dermanyň (plasebonyň) berilýändigi näsaglaryň özlerindenem, olary bejerýän lukmanlardanam gizlenildi. Bu usul şahsy baha bermeleri we garaşylýan netijeleriň täsirini aradan aýyrmak üçin ulanyldy.
Netijelilik görkezijileri şeýle paýlandy:
Dermany günde bir gezek kabul eden gatnaşyjylaryň 79,3%-inde saç ösüşiniň gowulaşandygy hasaba alyndy.
Günde iki gezek kabul eden toparda bolsa bu görkeziji 86%-e ýetdi. Ýasama derman içen gözegçilik toparyndaky gatnaşyjylaryň 35,6%-i-de netijäniň bardygyny belläp geçdi (bu bolsa bejergiňe bolan ynamyň täsiri üçin adaty görkezijidir).
Saçyň gürlüginiň takyk sanlary hem synaglaryň şowly geçendigini tassyklaýar. Barlagyň altynjy aýyna çenli meýilleşdirilen zolakda saçyň ortaça sany günde bir gezek kabul edilende sm2 meýdana 30,3 sany, günde iki gezek kabul edilende bolsa 33,0 sany artdy. Plasebo toparynda bu görkeziji diňe 7,3 sany artdy, bu bolsa hakyky dermanyň täsiriniň ýasama dermandan dört esse ýokarydygyny aňladýar.
Hakyky saç sany boýunça-da, lukmanlaryň seljerijilik bahasynyň netijeleri boýunça-da plasebo toparyndan saýlanýan takyk tapawutlar eýýäm barlagyň ikinji aýynda ýüze çykdy.
Bu ýagdaý dermanyň turuwbaşdan durnukly bejeriş täsiriniň bardygyny subut edýär.
