Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň ulusy bolandygyny mälim etdi.
Kongonyň häkimiýetleriniň beren maglumatlaryna görä, bu wirus sebäpli 267 adam ýogaldy, ýene-de 1048 ýaşaýja bolsa keseliň ýokandygy tassyklanyldy. Keseliň ölüm howplulygy 25%-den hem ýokarydyr.
BSGG-niň saglygy goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlar barada habar beriş we jogap beriş edarasynyň direktory Abdirahman Mahamud epidemiýanyň ýaýramagyny dowam etdirýändigini habar berdi.
Guramada epidemiologik gözegçiligi entek keselliler ýüze çykarylmadyk sebitlerde hem giňeltmegiň zerurdygy aýratyn bellenildi. BSGG-niň pikiriçe, bu çäre täze ýagdaýlary has çalt ýüze çykarmaga we ýokanjyň ýaýramagyny çäklendirmäge mümkinçilik berer.
Şeýle-de, Mahamud ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna uly agramyň düşýändigini we hassahanalardaky orunlaryň, takmynan, 84%-iniň eýýäm dolandygyny aýtdy.
BSGG tutuş saglygy goraýyş ulgamynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge we diňe bir Ebola ýokan hassalara däl, eýsem beýleki näsaglara hem lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini saklap galmaga çagyrdy. Gurama lukmançylyk edaralaryndaky şertleri gowulandyrmagyň, aýratyn-da, arassa suw we elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň, şeýle hem täze ýokançlaryň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmegiň zerurdygyny görkezdi.
Mundan ozal, BSGG Kongo DR-däki we Ugandadaky Ebola epidemiýasyny beýleki döwletler üçin hem howp döredýän adatdan daşary ýagdaý hökmünde yglan edipdi. Wirusyň sebit boýunça ýaýramak töwekgelçiligi ýokary derejede diýlip bahalandyrylýar.