Awstraliýada 1,5 mln adam umman derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli howp astynda

  • 19.09.2025 14:55
  • 5.7k+

Awstraliýanyň klimat gullugy global ýylamanyň netijeleri barada çaklamasyny hödürledi. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli umman derejesiniň ýokarlanmagy ýurduň 1,5 million ýaşaýjysynyň janyny howp astyna goýup biler diýip, The Guardian habar berýär.

2090-njy ýyla çenli suw basyp almak howpy abanýan kenarýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň sany 3 milliondan geçip biler.
Awstraliýanyň premýer-ministri Entoni Albaneze şeýle çaklamany howsala dörediji duýduryş diýip atlandyrdy. Ol düýpli çäreleri görmegiň we tertipleşdirilen energetika geçişini meýilnamalaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle-de, alymlar Sidneýde yssy howa bilen baglanyşykly ölüm sanynyň 444%, Darwinde 423% ýokarlanyp biljekdigini duýdurýar.
Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, howanyň üýtgemegi ykdysadyýete hem uly täsir eder. Eýýäm 2050-nji ýyla çenli suw joşgunlarynyň, tokaý ýangynlarynyň, tupanlaryň we siklonlaryň netijeleri bilen göreş üçin çykdajylar, ortaça temperatura 1,5 gradus ýokarlansa-da, ýylda 40 mlrd dollara ýetip biler.
Howanyň üýtgemek meseleleri boýunça ministr Kris Bouen howanyň üýtgemeginiň, haýsy sebitde ýaşaýandygyna garamazdan, ýurduň ähli ýaşaýjylaryna täsir etjekdigini belledi.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......