Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

  • 29.05.2026 23:56
  • 6.7k+

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy.

Science žurnalynda çap edilen barlaga görä, bu sebitdäki hemişelik doňaklyk soňky buz döwrüniň ahyryndan bäri gaty çalt eräp başlady. Ylmy işiň awtorlary bolup geçýän üýtgeşmeleri açyk ýagdaýda ýerli balyklaryň göçýän ýollaryna eýýäm ýaramaz täsir eden ekologik betbagtçylyk hökmünde häsiýetlendirýärler.

1960-njy ýyllardan bäri Douson-Sitiniň demirgazygynda ýerleşýän barlag geçirilýän sebitde ortaça temperatura 2,6 gradus Selsiý töweregi ýokarlandy. Topragyň eremegi düzüminde sulfid minerallary bolan gadymy dag jynslaryny ýüze çykardy. Kislorod we suw bilen täsirleşende bu minerallar okislenýär, kislotany we agyr metallary bölüp çykarýar hem-de ýagyş bilen ýuwlup suw ýollaryna düşýär.

Hünärmenler hemra suratlaryny ulanyp, Ýukon we Makkenzi derýalarynyň basseýnleriniň arasynda zyýan ýeten 146 derýanyň bardygyny anykladylar.

Ýerüsti seljermeler suwdaky kislotalylyk derejesiniň we hapalaýjy maddalaryň konsentrasiýasynyň häzirki wagtda senagat şahtalaryndan çykarylýan zyňyndylaryňky bilen deňeçerdigini we diri organizmler üçin ýiti zäheriň çenden aşadygyny tassyklady.


17.06.2026 11:34
5.3k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.6k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......