Sidneýli pensioner lotereýada 14 million dollarlyk jaý utup, ony satuwa çykardy

  • 10.05.2026 11:44
  • 5.5k+

Jaý RSL Queensland tarapyndan gurnalan Dream Home Art Union lotereýasynda oýnaldy. Jaý eýesiniň aýtmagyna görä, onuň ýeňşi baradaky habar ilkibaşda aldawçylyk diýip kabul edildi, sebäbi ol öň hiç haçan, hatda kiçijik baýrak hem utup görmändi.

Sidneýli 80 ýaşly pensioner lotereýada Sunshine Coast şäheriniň kenarýakasyndan bahasy 13,9 million dollar töweregi bolan jaý utdy. Baýragyny alanyndan birnäçe aý soň, ol emlägi satmagy karar etdi.

Domain.com saýtynyň habaryna görä, öňki inžener öz kararyny maşgalasynyň maliýe geljegini üpjün etmek we çagalaryna kömek etmek islegi bilen düşündirdi.

"Maslina" diýip atlandyrylýan üç gatly jaý Sunshine Beach sebitinde, plýaždan 50 metr aradaşlykda ýerleşýär. Jaý Ortaýer deňzi stilinde gurlupdyr. Mülk bilen birlikde ýeňiji 250 000 dollarlyk altyn we 400 000 dollardan gowrak gymmat bahaly zatlary aldy.

Jaýda spa, sauna, buz wannasy, çakyr ýerzemini we sport zaly bar. Riýeltor Adam Watts öýüň eýesiniň Pol Klaut tarapyndan dizaýn edilen binagärligini öwendigini, ýöne ony satmagyň mirasdüşerleri üçin has peýdaly bolar diýip hasaplandygyny habar berdi.

Ýerli we daşary ýurtly satyn alyjylar eýýäm emläge gyzyklanma bildirip ugradylar.


12.03.2026 19:41
2.3k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Awstraliýanyň ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Wilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...

25.12.2025 16:47
10k+

Amerikan maýa goýum gaznasy Awstraliýadan Gamilton adasyny 1,2 mlrd dollara satyn alýar

Blackstone amerikan maýa goýum gaznasy Uly Barýer rifiniň düzümine girýän Uitsandeý ulgamynyň iň uly adasyny – Gamilton adasyny satyn alýar. Şertnamanyň resmi mukdary görkezilmeýär, ýöne Awstraliýanyň ABC teleradiokompaniýasy maýa goýum gaznasynyň 1,2 mlrd dollar tölejekdigini habar berýär...

09.11.2025 22:50
5.2k+

Awstraliýada raýatlara her gün üç sagat mugt Gün energiýasy berler

Awstraliýanyň hökümeti Solar Sharer Offer (SSO) atly maksatnamany işe girizmäge taýýarlanýar. Maksatnama gatnaşýan raýatlar her gün üç sagatlap Gün energiýasyndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu mümkinçilik, hatda öýünde Gün paneli bolmadyk adamlar üçin hem elýeterli bolar...

27.01.2025 12:20
2.2k+

Serdar Berdimuhamedow awstraliýalylary ýurduň milli güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory hanym Samanta Mostine ýurduň milli baýramy — Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada...