Awstraliýada raýatlara her gün üç sagat mugt Gün energiýasy berler

  • 09.11.2025 22:50
  • 5.2k+

Awstraliýanyň hökümeti Solar Sharer Offer (SSO) atly maksatnamany işe girizmäge taýýarlanýar. Maksatnama gatnaşýan raýatlar her gün üç sagatlap Gün energiýasyndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu mümkinçilik, hatda öýünde Gün paneli bolmadyk adamlar üçin hem elýeterli bolar.

Programma 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan Täze Günorta Uelsde, Günorta-Gündogar Kwinslendde we Günorta Awstraliýada başlar. Energetika kompaniýalary Günüň iň işjeň wagtynda öndürilen artykmaç energiýany paýlaşarlar. Bu bolsa öý hojalyklarynyň elektrik energiýasy üçin töleglerini azaltmaga kömek eder.
Maksat – agşamky sarp edilişiň ýokary derejesini azaltmak we energiýa köp talap edýän işleri (meselem, kir ýuwmak ýa-da kondisioneri işletmek) gündiz wagtyna geçirmek.
Programma gatnaşmak üçin diňe “akylly” tok hasaplaýjy gerek.
Taslama üstünlikli bolsa, maksatnama 2027-nji ýyldan başlap, tutuş Awstraliýada ornaşdyrylar.


düýn 08:02
4.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
4.9k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

10.05.2026 11:44
5.6k+

Sidneýli pensioner lotereýada 14 million dollarlyk jaý utup, ony satuwa çykardy

Jaý RSL Queensland tarapyndan gurnalan Dream Home Art Union lotereýasynda oýnaldy. Jaý eýesiniň aýtmagyna görä, onuň ýeňşi baradaky habar ilkibaşda aldawçylyk diýip kabul edildi, sebäbi ol öň hiç haçan, hatda kiçijik baýrak hem utup görmändi...

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....