Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

  • 19.05.2026 08:02
  • 5.5k+

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi.

Ember analitiki guramasynyň maglumatlaryna görä, kömür dünýäde elektrik energiýasynyň iň iri çeşmesi bolmagynda galýar we global generasiýanyň takmynan 33%-ini üpjün edýär. Esasy isleg çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary, ilkinji nobatda Hytaý we Hindistan tarapyndan emele getirilýär, bu ýerlerde kömür ykdysady ösüşi goldamak üçin elýeterli energiýa serişdesi derejesini saklaýar.

Tebigy gaz takmynan 22% paý bilen ikinji orny eýeleýär. Gaz elektrik stansiýalary Günüň we şemalyň generasiýasynyň durnuksyzlygynyň öwezini dolmak üçin ätiýaçlyk çeşmesi hökmünde ulanylmagyny dowam etdirýär.

Dünýäniň elektrik energetikasynda gazylyp alynýan ýangyjyň umumy paýy takmynan 57%-e deňdir.

Günüň we şemalyň energetikasynyň hersi dünýä generasiýasynyň takmynan 8–9%-ini üpjün edýär. Soňky onýyllykda Gün energetikasynyň ösmegi panelleriň bahasynyň peselmegi we Hytaýda, Ýewropada hem-de ABŞ-da elektrik stansiýalarynyň giň gerimli gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Şemal generasiýasy hem, esasan Ýewropada we Aziýada, ep-esli artdy.

Günüň we şemalyň energetikasy eýýäm bilelikde atom stansiýalaryndan ýa-da gidroenergetikadan aýry-aýrylykda has köp elektrik energiýasyny öndürýärler.

Gidroenergetika takmynan 14% paý bilen iň iri pes uglerodly energiýa çeşmesi bolmagynda galýar, atom energetikasy bolsa dünýäde elektrik energiýasynyň öndürilişiniň takmynan 9%-ini üpjün edýär.


düýn 11:05
4k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......