Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

  • 11.05.2026 18:16
  • 5.1k+

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi.

«24KZ» teleýaýlymynyň berýän maglumatyna görä, maý aýynda Gün energiýasyny öndürmegiň göwrümi 38 gigawatta ýetdi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10% köpdür we soňky alty ýylyň dowamynda şu möwsüm üçin iň ýokary derejedir.

Bahalaryň aşak düşmegine diňe bir Günüň energiýasy däl, eýsem atow energetikasy hem täsir etdi. Bu iki uguryň bilelikdäki güýçli öndürijiligi fransuz bazarynda bahalaryň minus bolmagyna eltdi.

Habarda bellenilişi ýaly, soňky onlarça ýylyň dowamynda Gün energetikasy Ýewropa ýurtlarynda beýleki ähli ugurlardan has çalt ösdi. 2020-nji ýyldan bäri Gün energiýasyny öndürýän kuwwatlyklar 115%-den hem köp artdy.


20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
870

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......