Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

  • 13.04.2026 00:13
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär.

Hofburg köşgünde geçirilen bu wekilçilikli ýygnanyşygyň üns merkezinde energetika geçişini çaltlandyrmak, «ýaşyl» wodorody ornaşdyrmak we senagatda uglerod zyňyndylaryny peseltmek meseleleri boldy.

Forumda çykyş edip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde, energetika durnuklylygy ulgamynda BMG-niň strategiýalarynyň amala aşyrylmagyna öz goşandyny goşýandygyny nygtady.

Ýurduň 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 30% peseltmek boýunça ulgamlaýyn işleri alyp barýandygy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürýändigi bellenildi. Balkan welaýatynda gurulýan 10 MWt kuwwatly utgaşykly Gün we ýel elektrik stansiýasy munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmekdäki üýtgewsiz ygrarlylygyny tassyklady. Ol şeýle hem Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça BMG-niň sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny mälim etdi.

Awstriýa bolan saparyny tamamlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabada ugrady.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......