Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Awstraliýanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 12.03.2026 19:41
  • 2.4k+

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Wilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy maslahatlaşylyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna seredildi.

Diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar barada pikir alyşdy. Söhbetdeşler sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin halkara tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Jon Wilýam Giring Eýran Yslam Respublikasyndan gelýän Awstraliýanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmekde berlen goldaw we amala aşyrylan ynsanperwer ýardam üçin türkmen tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....