Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek we täze maýa goýum taslamalaryny ýola goýmak maksady bilen guralýar.
Wakanyň bolýan ýerinden TmCars-yň habarçysynyň ýetirmegine görä, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen açylan dabaraly çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewürler we KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.
Üç gün dowam etjek bu giň gerimli çäre ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň dokma önümlerini öndürijilerini, tehnologiýa üpjün edijilerini, dizaýnerlerini, maýadarlaryny we pudaklaýyn bilermenlerini bir meýdançada jemleýär. Halkara serginiň esasy ugurlary dokma enjamlaryny, tebigy süýümleriň gaýtadan işlenmegini, egin-eşik, aýakgap we deri önümçiligini, öý dokma önümlerini, ekologiýa taýdan arassa çözgütleri, innowasion sanly tehnologiýalary hem-de moda we dizaýn pudagyny öz içine alýar.
Sergide ýurdumyzyň uly önümçilik kuwwatlyklary bolan Aşgabat we Türkmenbaşy dokma toplumlary özleriniň ýokary hilli matalaryny, ýüplüklerini, taýýar öý dokma önümlerini we ýorgan-düşek örtüklerini görkezýär. Şeýle hem Türkmenbaşy jins toplumy özboluşly stili bilen tapawutlanýan täze önümlerini hödürleýär. Häzirki wagtda bu önümler daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýar we Russiýa, Belarusa, ABŞ-a, Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.
Döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, sergide «MB Shoes», «GokSaray», «Rowshen Ayakgap», «Mirasly Senet» we «Sermaýa» ýaly brendleriň we hususy kärhanalaryň bäsdeşlige ukyply, halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleri, haly, deri we tekstil bezeg önümleri hem görkezilýär.
Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde sergä dünýäniň iri kompaniýalary hem gatnaşýar. Olaryň hatarynda Hytaýyň CTMTC, YU MEI CHANG Textile, Kavsar Silk, DONPRO, Türkiýäniň Dilmenler Makine ve Tekstil, Lal iplik tekstil danışmanlık, Bart Trade, Enesar Tekstil, Italiýanyň Bianco S.p.A., MCS Group, Color Service ýaly kompaniýalary, şeýle-de Özbegistandan we Eýrandan gelen birnäçe pudaklaýyn düzümler bar.
Halkara çäräniň altyn hemaýatkäri bolup GAP CLK WORLDWIDE kompaniýasy çykyş edýär.
Serginiň çäklerinde ýarmarka hem guralyp, onda elde ýasalan bezeg önümleri, aksessuarlar we milli şaý-sepler köpçülige hödürlenýär.
Çäräniň işewürlik maksatnamasy B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklary, pudaklaýyn seminarlary, innowasion tanyşdyrylyşlary hem-de türkmen we daşary ýurt dizaýnerleriniň täze kolleksiýalaryny görkezjek halkara moda görkezilişlerini öz içine alýar.






