Awstraliýada Toyota GR Yaris-iň mahabaty howply hasaplanandygy sebäpli ýene-de gadagan edildi

  • 24.12.2025 12:33
  • 7.3k+

Awstraliýanyň düzgünleşdiriji edaralary ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüş elementleriniň görkezilmegi sebäpli, Toyota GR Yaris modeliniň täze mahabat wideosyny ýaýlymdan aýyrmak barada karar çykardy. Häkimiýetleriň pikirine görä, wideoda görkezilýän tilsimler ýurduň islendik ştatynda hukuk bozulmasy hökmünde hasaplanardy.

Gözegçilik edaralary sürüjiniň tramplinden böküp, uçup barşyna burgerhanadan sargydyny alşy we soňra "Jimhana" (Gymkhana) stilindäki çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän sahnasyna şeýle reaksiýa bildirdiler. Toyota kompaniýasy bu sýužetiň doly toslama bolup, surata düşüriş işleriniň bolsa ýörite hünärmeniň gözegçiliginde, çäklendirilen ýapyk ýerlerde geçirilendigini düşündirdi. Kompaniýanyň wekilleri bu wideonyň diňe awtoulagyň tehniki mümkinçiliklerini görkezýändigini we sürüjileri düzgün bozmaga çagyrmaýandygyny öňe sürdüler.
Şeýle-de bolsa, düzgünleşdiriji edara awtokonserniň delillerini ret etdi. Muňa jogap hökmünde öndüriji wideony täzeden işlejekdigini wada berip, mahabatyň ýaýlymyny wagtlaýynça togtatdy.
Meňzeş waka 2021-nji ýylda hem bolupdy, emma şol wagt kompaniýa öz nukdaýnazaryny gorap, mahabat wideosyny ýaýlyma gaýtaryp getirmegi başarypdy.


düýn 15:11
2.6k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....