Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

  • 04.06.2026 17:27
  • 3.2k+

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy.

Ýapon markasy ýaş sürüjiler üçin maslahat berilýän awtoulaglaryň sanawynda birden ýedi modeli bilen orun aldy — bu "Toyota" we "Honda-ny" bilelikde goşanyňdan hem köpdür.

Reýtinge "Mazda3 Sedan", "Mazda3 Hatchback", "CX-30", "CX-50", "CX-70", "CX-70 PHEV" we "CX-90" modelleri girdi. Bilermenler ýolagçylary goramagyň ýokary derejesini, tormoz ulgamynyň netijeli işini, kadaly dolandyryşy we häzirki zaman howpsuzlyk ulgamlaryny bellediler.

Sanawy düzmekde tejribesiz sürüjiler üçin amatly awtoulaglara aýratyn üns berildi. Hereketlendirijisiniň kuwwaty ýokary bolan modeller, iri pikaplar we agyr wnedorožnikler (ýolsuz ýerlerde ýöreýän ulaglar) göz öňünde tutulmady, sebäbi şeýle maşynlary dolandyrmak kyn we bilermenleriň pikiriçe, olar süren wagty töwekgelçilikli hereketlere köpräk itergi berýär.

Şol sebäpli ABŞ-da meşhur bolan "Ford F-150", "Ram 1500" we "Chevrolet Tahoe" reýtinge girizilmedi. Hünärmenler ene-atalaryň arasynda giňden ýaýran pikire garamazdan, uly awtoulaglaryň ýetginjekler üçin hökman has ýokary howpsuzlyk derejesini üpjün etmeýändigine ynanýarlar.

2026-njy ýylda mundan ozal "Consumer Reports" ilkinji gezek "Mazda-ny" howpsuzlyk görkezijileriniň jemi boýunça kompaniýanyň liderligini belläp, «Ýylyň iň howpsuz awtoulag brendi» diýen ýörite dereje bilen sylaglapdy.


düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......