Awstraliýada Toyota Hilux-yň mahabaty gadagan edildi: Sebäp — itler

  • 13.02.2026 11:54
  • 6.8k+

Awstraliýanyň mahabat standartlary boýunça geňeşi Toyota Hilux modeliniň täze wideosyny "kanuna garşy we howply hereketleri wagyz edýär" diýip hasaplady. CarExpert portalynyň habar bermegine görä, regulýatorlar wideonyň häzirki görnüşinde efire berilmegini bes etmegi talap etdiler.

Wideoda onlarça it, ýoldan geçip barýan Hilux-y görüp, öz eýelerini, gulluk ýerlerini we beýleki awtoulaglary taşlap, pikapyň yzyndan ylgap başlaýarlar. Soňra bolsa itler ulagyň kuzowyny doldurýarlar.
Sýužet boýunça Hilux öz bäsdeşlerinden - palçykda batyp galan Ford Ranger-den; ýokaryk zordan dyrmaşýan Mitsubishi Triton-dan; ýoluň gyrasynda ýatan Mazda BT-50-den "üstün çykyp" geçip gidýär.
Mahabatda bäsdeş markalaryň diňe köne nesilleriniň görkezilmegi hem ünsden düşmedi.
Mahabat standartlary baradaky komissiýa birnäçe şikaýat aldy: 

"Mahabatda howply we potensial taýdan kanuna garşy hereketler görkezilýär. Itler howpsuzlyk üçin ýörite kemerlerde ýa-da gözenekli gaplarda daşalmalydyr. Käbir gulluk itleri üçin kadadan çykmalar bar bolsa-da, bu mahabat haýwanlary daşamagynyň jemgyýetçilik standartlaryna gabat gelmeýär."

Kompaniýanyň wekilleri wideonyň çişirilen görnüşde görkezilendigini we itleriň bu pikapa bolan "wepalylygyny" aňladýandygyny düşündirdiler. Şeýle-de, howply sahnalaryň kompýuter grafikasy (CGI) arkaly döredilendigini we hiç bir haýwanyň zeper çekmändigini bellediler. Muňa garamazdan, öndüriji wideony redaktirlemeli ýa-da efirden aýyrmaly bolar.


düýn 15:11
2.6k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....